744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
07.08.2026
Polipropilen we çig ýüpek birža söwdalarynyň esasy önümleri boldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 6-njy awgustda geçirilen söwdalarda umumy bahasy 5 915 000,00 manada deň bolan 2 sany geleşik baglaşyldy. Geçirilen birža söwdalarynyň netijeleri boýunça şertnamalar içerki bazarda diňe ýerli işewürler tarapyndan baglaşyldy.

Söwdalaşyklaryň barşynda milli telekeçiler “Türkmennebit” döwlet konserninden uly islegden peýdalanýan “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn aldylar. Bu önüm ýurdumyzyň senagat sektorynda giňden ulanylýan esasy çig mallaryň biri bolup durýar.

Mundan başga-da, ýerli kärdeşler “Türkmenýüpek” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden çig ýüpek satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Geleşilen çig ýüpek ýurdumyzyň dokma hem-de ýeňil senagatynda önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin niýetlenendir.

Geçirilen bu birža söwdalary ýurduň içerki bazarynda ýerli senagat önümlerine bolan uly islegi we milli telekeçiligiň işjeňligini ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Döwlet tarapyndan öndürilýän harytlaryň birža üsti bilen ýerlenilmegi ýurtda haryt dolanyşygyny hem-de telekeçiligi ösdürmäge uly goşant goşýar.