744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
07.08.2026
Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy ýokary depginler bilen dowam edýär

Arkadag şäheriniň häkimliginde şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýtynda maglumat berildi.

Maslahatda şäheriň edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi. Çykyşlarda «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilýän Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň ýokary depginler bilen dowam edýändigi bellenildi. Gurluşyk işlerinde kämil tehnologiýalaryň hem-de milli binagärlik sungatynyň utgaşykly ulanylýandygy, şäheriň bezeg aýratynlyklaryna uly üns berilýändigi nygtaldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan saparlary we berýän maslahatlary esasynda durmuş hem-de önümçilik maksatly binalaryň häzirki zaman şähergurluşyk talaplaryna doly laýyk getirilýändigi aýdyldy. Ýylyň ýedi aýynyň dowamynda şäherde halkara forumlar, sergiler, sport ýaryşlary we wagyz-nesihat duşuşyklary ýokary derejede geçirildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyny täze zähmet üstünlikleri bilen garşylamak barada hem giňişleýin bellenilip geçildi. Çäreň ahyrynda gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini ýolladylar.