Lebap welaýatynyň senagat kärhanalarynyň arasynda «Türkmengazçykaryş» müdirliginiň zähmet anyk görkezijiler bilen saýlandy. Müdirligiň hünärmenleri ýylyň birinji ýarymynda 5 milliard kub metre golaý tebigy gaz çykaryp, meýilnamadan daşgary 494 million kub metr gazy öndürmegi başardylar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.
Gazanylan bu ýokary netijä müdirligiň Demirgazyk — Balguýy böleginiň işgärleri hem saldamly goşant goşdular. Olar bellenilen 622 million 700 müň kub metr gazyň ýerine 685 million kub metr gaz çykaryp, meýilnamany artygy bilen berjaý etdiler.
Müdirligiň beýleki düzümleýin bölümlerinde hem önümçilik görkezijileri ep-esli ýokarlandyryldy. Hasabat döwründe 13 müň 421 tonna gaz kondensatyny öndürmek meýilleşdirilen bolsa, hünärmenler bu görkezijini 16 müň 768 tonna ýetirmegi başardylar.
Şeýle üstünlikler müdirligiň ähli edara-kärhanalarynda işleriň zamanabap talaplara görä ýola goýlandygyny hem-de önümçilik kuwwatlyklarynyň ýokary netijelilik bilen ulanylýandygyny aýdyň subut edýär.