744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
08.08.2026
Döwlet biržasynda nebit koksynyň we nah ýüplüginiň satylyşy boýunça täze netijeler

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 7-nji awgustda geçirilen söwdalarda umumy bahasy 150 000 000,00 manada we 43 340,00 ABŞ dollaryna deň bolan bolan 8 sany iri geleşik baglaşyldy. Geçirilen birža çäresiniň barşynda hem daşarky, hem-de içerki bazarlarda milli önümlere bolan uly isleg ýene bir gezek öz beýanyny tapdy.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda türkiýeli işewürler aýratyn işjeňlik görkezdiler. Olar ýerli öndürijileriň ýokary hilli nah ýüplügini satyn almak barada özara bähbitli geleşikleri baglaşyp, halkara söwda gatnaşyklarynyň gerimini giňeltdirdiler.

Içerki bazarda bolsa ýerli telekeçiler öz önümçilik zerurlyklary üçin "Türkmennebit" döwlet konserniniň hödürlän önümlerine uly isleg bildirdiler. Geleşikleriň netijesinde ýerli işewürler tarapyndan konserniň öndüren umumy nebit koksy satyn alyndy.