«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleri ýurdumyzyň günbatar sebitindäki hazynaly ýataklardan uglewodorod çig mallaryny gözläp tapmakda netijeli zähmet çekýärler. Kärhanada baýlyklar känlerinde gazylan hem-de burawlaýyş işleri dowam edýän guýularda ýeriň geofiziki gatlaklaryny anyk öwrenmek we takyklanan önümli çuňluklarda zerur bolan halatynda partlaýyş işlerini amala aşyrmak ýaly möhüm wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.
Bu derwaýys işlerde müdirligiň Balkanabatdaky barlaghanalary, şonuň ýaly-da daşary ýurtlardan satyn alnyp, iň bir kämil awtoulaglarda ýerleşdirilen döwrebap tilsimatlar giňden peýdalanylýar. «Türkmennebitgeofizika» müdirligi häzirki zaman enjamlarydyr tehnologiýalary bilen ýeterlik derejede üpjün edilip, onuň ekspedisiýalarynda we ýörite gulluklarynda bitirilýän işler özüniň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.
Kärhananyň hünärmenleri şu ýylyň geçen hasabat döwründe hem ýokary zähmet netijelerine eýe boldular. Ýagny, gürrüňi edilýän döwürde kärhananyň önümçilik düzümleri boýunça jemi 63 million manatlyga golaý işler özleşdirilip, bellenilen meýilnama 130 göterimden gowrak amal edildi. Bu bolsa bellenilen meýilnamadakydan 15 million manatlyga golaý köp diýmekdir.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygyna mynasyp zähmet sowgatlary bilen barýan geofizikler häzirki günlerde önümçilik depginlerini has-da ýokarlandyrýarlar.