«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň birinji we ikinji ýyl talyplary mugallymlaryň ýolbaşçylygynda hem-de edara-kärhanalaryň hünärmenleriniň goldawy bilen okuw we önümçilik tejribeliklerini üstünlikli geçdiler. Bu tejribelikler konserniň önümçilik düzümlerinde guramaçylykly guraldy. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.
Elektroenergetiki ulgamlaryň awtomatizasiýasy we rele goragy hem-de senagat enjamlaryny gurnamak we ulanyşy boýunça bilim alýan birinji ýyl talyplar elektrik abzallaryny programmalaryň kömegi bilen dolandyrmagy içgin öwrendiler. Olar dünýäniň ösen döwletleriniň önümçiligi bolan kämil awtomatik abzallary sanly ulgam arkaly dolandyrmak tehnologiýalaryny özleşdirdiler.
Ikinji ýyl talyplar bolsa «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Şatlyk» gaz gysyjy desgasyna baryp, gaz gysyjy agregatlaryň işleýşini, tebigy gazy arassalamagyň we sowatmagyň tehnologik tapgyrlaryny amala aşyrdylar. Şeýle hem ýaşlar «Galkynyş» we Döwletabat känlerinden gelýän tebigy gazyň daşary bazarlara ugradylyş prosesi bilen ýakyndan tanyş boldular.
Mundan başga-da, nebitgaz känlerini işläp geçmek, guýulary düýpli abatlamak, ýataklaryň gözlegi hem-de ölçeg-barlag enjamlary hünärleriniň talyplary «Marygazçykaryş» we «Türkmengazawtomatika» müdirliklerinde tejribelik geçdiler. Okuw mekdebiniň direktorynyň orunbasary Garry Agageldiýew tejribelikleriň bellenilen meýilnama esasynda we mugallymlaryň işjeň gatnaşmagynda ýokary derejede geçirilendigini belledi.