744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
10.08.2026
Emeli hemra arkaly gözegçilik we metan zyňyndylaryny monitoring etmek boýunça okuw geçirildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň Maglumat-seljeriş merkezinde parnik gazlarynyň zyňyndylaryna emeli hemra arkaly gözegçilik etmek boýunça wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn okuw sapaklary geçirildi. Bu çäre Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen gurnalyp, oňa «Döwletabatgazçykaryş», «Marygazçykaryş», «Lebapgazçykaryş», «Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik» müdirlikleriniň we «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň hünärmenleri işjeň gatnaşdylar.

Okuw sapaklarynyň barşynda ösen tehnologiýalaryň kömegi bilen monitoring geçirmek, maglumatlaryň takyklygyna baha bermek we olary werifikasiýa etmek ýaly ugurlar giňden seljerildi. Sapaklarda Metan howa agentligi, Spektrometriýanyň fizikasy we emeli hemra zondirleme tehnologiýasy, Konsentrasiýa çykarmak algoritmleri hem-de mukdary ölçegiň matematiki usullary boýunça halkara tejribeleri tanyşdyryldy. Mundan başga-da, walidasiýa hem-de barlag işleri üçin halkara standartlaryna we IMEO MARS ulgamynyň amaly integrasiýasyna uly üns berildi.

Seminarda metanyň fiziki-himiki profili, Global ýylylyk potensialy (GWP) we antropogen zyňyndylaryň gurluşy barada çuňňur maglumatlar berildi. Şeýle hem metana tebigaty goramakda «çalt ryçag» hökmünde seredilip, syzma mehanizmlerini azaltmak mümkinçilikleri we 2030-njy ýyla çenli bellenilen Ýol kartasynyň esasy ugurlary beýan edildi. Gatnaşyjylar halkara gün tertibindäki we başlangyçlardaky wajyp meseleler bilen yakyndan tanyşdylar.

Çäräniň jemleýji bölüminde IMEO MARS ulgamyndaky global standartlaşdyrma gurluşy, gözegçilikli synaglar we döreýän näbellilik şertleri barada durulyp geçildi. Emeli hemralardan alynýan maglumatlary gaýtadan işlemegiň täze usullary hem-de «OGMP 2.0» we «EC» kadalaşdyryjy nawigasiýasynyň talaplary jikme-jik öwrenildi. Okuw sapagynyň soňunda hünärmenler özara sorag-jogap alyşyp, ylmy-amaly we tehniki meseleler boýunça pikir alyşdylar.