«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň zähmet anyk görkezijileri bilen ýylyň birinji ýarymyny üstünlikli jemledi. Hasabat döwründe müdirlik boýunça 4 milliard 472 million kub metr tebigy gaz çykarmak meýilleşdirilip, hakykatda bu görkeziji 4 milliard 966 million kub metre ýetirildi. Şeýlelikde, alty aýlyk zähmet meýilnamasy 111,1 göterim berjaý edildi.
Müdirligiň düzümindäki önümçilik bölekleri hem bellenilen meýilnamalary artygy bilen berjaý etdiler. Demirgazyk-Balguýy liniýa-önümçilik böleginde 622 million 700 müň kub metr gazyň ýerine 685 million kub metr gaz çykarylyp, meýilnama 110 göterim berjaý edildi. Naýyp liniýa-önümçilik böleginde bolsa 181 million 200 müň kub metr tebigy gazyň deregine 193 million kub metr «mawy ýangyç» alnyp, bu görkeziji 106,5 göterime deň boldy.
Iň iri strukturasy bolan Kükürtli liniýa-önümçilik böleginde bolsa 3 milliard 668 million 100 müň kub metr gazyň ýerine 4 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz alyndy we meýilnama 111,5 göterim berjaý edildi. Mundan başga-da, müdirlik boýunça 13 müň 421 tonna gaz kondensatyny öndürmek meýilleşdirilen hem bolsa, hakykatda ol 16 müň 768 tonna ýetirilip, zähmet borçnamasy 124,9 göterim ýerine ýetirildi.
Önümçilikde gazanylan bu ýokary netijeler döwrebap enjamlaryň we kuwwatly desgalaryň netijeli ulanylmagy, hünärmenleriň jogapkärçilikli zähmeti hem-de zähmet tertip-düzgüniniň berk saklanmagy bilen baglydyr. Şeýle hem müdirligiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan işgärler üçin sagdyn we howpsuz zähmet şertleriniň döredilmegi, zähmet adamlarynyň ruhlandyrylmagy önümçilik öndürijiliginiň ýokarlanmagyna uly goşant goşdy. Müdirligiň agzybir işgärleri ýylyň galan döwründe hem meýilnamalary üstünlikli berjaý etmegi maksat edinýärler.