744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
11.08.2026
«Türkmennebit» döwlet konserniniň we «PETRONAS Çarigali» kompaniýasynyň arasyndaky 30 ýyllyk hyzmatdaşlygyň nobatdaky uly üstünligi

Hazar deňziniň türkmen bölegindäki «Toplum-1» şertnamalaýyn çägine girýän «Magtymguly» gaz käninde uly zähmet ýeňşi gazanyldy. Kändäki A8 belgili ulanyş guýusy 4 müň 981 metr çuňlukda üstünlikli burawlanyp, geçirilen ýokary hilli işleriň netijesinde bir gije-gündizde 1 million 300 müň kub metrden gowrak senagat ähmiýetli tebigy gaz hem-de 130 tonna golaý gaz kondensaty alyndy. Häzirki wagtda guýyny ilkinji tapgyrda özleşdirmek işleri dowam edýär we geljekde alynýan önümiň göwrüminiň has-da artmagyna garaşylýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

Bu iri üstünlik Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali» kompaniýasynyň «Türkmennebit» döwlet konserni bilen baglaşan önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamasy esasynda alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň miwesidir. Şeýle taslamalar «Magtymguly» käniniň uglewodorod gorlaryna örän baýdygyny tassyklamak bilen bir hatarda, ýurdumyzyň energetika kuwwatyny ýokarlandyrmaga hem uly goşant goşýar. Hazar deňziniň türkmen böleginde amala aşyrylýan giň gerimli halkara taslamalar Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň baş ugry bolup durýar.

Şu ýyl Türkmenistan bilen Malaýziýanyň nebitgaz pudagyndaky strategik hyzmatdaşlygyna 30 ýyl doldy. Geçen döwrüň dowamynda Hazar deňzinde we kenarýaka zolakda nusgalyk infrastruktura döredilip, 5 sany döwrebap platforma guruldy hem-de 40-a golaý gözleg, baha beriş we ulanyş guýusy burawlanyldy. Bilelikdäki işleriň netijesinde deňizden 44 milliard kub metrden gowrak gaz hem-de 16 million tonna suwuk uglewodorod çykaryldy, şeýle hem gaz taýýarlaýan zawod we kenar gaz terminaly ýaly iri desgalar toplumy işe girizildi.

Hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynda Hazar deňziniň 19-njy we 20-nji deňiz toplumlaryny özleşdirmek, şeýle hem 11-nji, 12-nji, 13-nji we 14-nji toplumlarda 2D seýsmiki barlaglary geçirmek göz öňünde tutulýar. Gol çekilen uzak möhletleýin ylalaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykaryp, ýurdumyzyň energetika mümkinçiliklerini mundan beýläk-de berkitmäge saldamly goşant goşar.