744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
11.08.2026
«Türkmengaz» we «Afghan Gas» Hyratda täze gaz infrastrukturasyny döretmek barada Ähtnama gol çekdiler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Mary welaýatyna we Owganystana amala aşyran iş saparynyň çäklerinde «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Owganystanyň «Afghan Gas» döwlet korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama Hyrat welaýatynda gaz infrastrukturasyny ösdürmek, senagat kärhanalaryny, elektrik stansiýalaryny we ilaty türkmen tebigy gazy bilen üpjün etmek boýunça bilelikdäki işleri amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri açýar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek hem-de bilelikdäki taslamalary çaltlandyrmak maksady bilen, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-owgan toparyny döretmek hakynda teklip öňe sürüldi.

Şeýle hem duşuşykda bilim we ynsanperwerlik ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi. Şunlukda, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan owganystanly talyplaryň sanyny artdyrmak hem-de dürli ugurlar boýunça, hususan-da, strategik ähmiýetli TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynda we gaz pudagynda zähmet çekjek ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak meseleleri giňişleýin seredildi.