744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
12.08.2026
Nebitgaz senagatynda awtonom «akylly» toplumlar ulanylýar

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda sanly ulgamy we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri barha giň gerim alýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ykdysady syýasatyna hem-de ösdürmegiň milli maksatnamalaryna batly itergi berilmegi bilen, ýurdumyzyň uglewodorod serişdelerini rejeli peýdalanmakda dünýä tejribesinde subut edilen öňdebaryjy çözgütler üstünlikli tanyşdyrylýar. Şeýle täzeçillikleriň biri hem känleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga niýetlenen «akylly» guýy tehnologiýasydyr. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.

Bu innowasion toplum guýyny tamamlamakdaky enjamlara birleşdirilýän dürli ölçeg gurallaryny, ýerine ýetiriji mehanizmleri we ýerüsti sanly ulgamy öz içine alýar. Tehnologiýanyň baş maksady gymmat bahaly hem-de töwekgelçilikli guýularda goşmaça geofiziki barlaglary ýa-da düýpli abatlama işlerini geçirmezden, gatlagyň temperaturasyna we basyşyna yzygiderli gözegçilik etmekden ybaratdyr. Çuňlukdaky ölçegleri elektronsyz amala aşyrmak arkaly enjamlaryň 10 ýyldan gowrak bökdençsiz hyzmat etmegi kepillendirilýär.

Toplumyň düzümine 130 MPa basyşa we +250 °C temperatura çenli durnukly kwars manometrleri hem-de termometrleri, paýlanan «Termokosa» ulgamy we kiçi ölçegli elektrik akym klapanlary girýär. Ýerüsti hasaba alyjy enjam özbaşdak Gün panelleri we ýel generatory arkaly sarp edijileri energiýa bilen üpjün edip, çylşyrymly ab-howa şertlerinde hem bökdençsiz işleýär. Bu bolsa uzakda ýerleşýän çöllük meýdançalardaky känleri awtonom usulda dolandyrmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň gaz we gazkondensat känlerini özleşdirmekde bu ulgamyň ulanylmagy strategik ähmiýete eýedir. «Akylly» guýy tehnologiýasy suwlanan aralyklary wagtynda ýüze çykaryp, gidrat emele gelmeleriniň we guýularyň öz-özüni basmagynyň öňüni almaga kömek edýär. Şeýle hem ol gazyň ahyrky çykarylyş koeffisiýentini ep-esli ýokarlandyryp, ýurduň nebitgaz senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga uly goşant goşýar.