Türkmenistanda Hazar deňziniň güni mynasybetli «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow forumyň myhmanlaryna we gatnaşyjylaryna iberen Gutlagynda Hazar deňziniň diňe bir täsin tebigy baýlyk däl, eýsem sebitde parahatçylygyň, dostlugyň we hoşniýetli hyzmatdaşlygyň durnukly nyşanydygyny aýratyn belledi. Bu barada Türkmenisnayň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Döwlet baştutany öz ýüzlenmesinde Türkmenistanyň Hazar sebitinde syýasy, ykdysady we ekologik hyzmatdaşlygy ösdürmekde eýeleýän işjeň ornuna ünsi çekdi. 2002-nji ýylda Aşgabatda geçirilen birinji Hazar sammitiniň we 2012-nji ýyldaky Awaza ekologiýa forumynyň sebitara gepleşikleri ýola goýmakda taryhy ädimler bolandygy bellenildi. Şeýle hem Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy baradaky Konwensiýanyň kabul edilmegi we ulag-logistika ugurynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň döwrebap mümkinçilikleriniň ulanylmagy Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny täze derejä çykardy.
Häzirki zamandaky global ekologik weziýeti hem-de howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri nazara almak bilen, Hazar deňziniň biologik köpdürlüligini we täsin ekoulgamyny gorap saklamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugury hökmünde görkezildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň öňe sürýän Hazar ekologik başlangyjynyň bu täsin tebigy mirasy geljekki nesiller üçin aýawly saklamakda halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirýän möhüm çäre boljakdygyny nygtady.