744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
13.08.2026
Türkmenistanyň Hazar baradaky halkara başlangyçlary Tährandaky maslahatda goldaw tapdy

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşky gurşawy goramak guramasynda 11-nji awgustda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi. Çärede Eýranyň wise-prezidenti Şina Ansari, Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Mejlis deputatlary, Hazarýaka döwletleriň ilçileri we Eýranyň kenarýaka welaýatlarynyň häkimleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Maslahatda çykyş eden Türkmenistanyň ilçisi Hazar deňziniň ekologiýasyny goramagyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşary syýasatynda möhüm orun eýeleýändigini belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Hazarýaka döwletler we BMG-niň çäklerinde konstruktiw hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga yzygiderli çalyşýandygy nygtaldy.

Söhbetdeşligiň baş temasynyň biri 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Hazar deňziniň ekologik meseleleri boýunça döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy boldy. Gatnaşyjylar bu başlangyjyň öz wagtyndadygyny hem-de sebitiň durnukly ösüşi we daşky gurşaw howpsuzlygy üçin netijeli meýdança boljakdygyny tassykladylar.

Maslahatda Hazar deňziniň ekologik ýagdaýyny gorap saklamak barada giňişleýin pikir alşyldy. Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar bu möhüm halkara maslahatyny geçirmek baradaky netijeli başlangyjy üçin Türkmenistanyň Hökümetine aýratyn sagbolsun aýtdylar.