744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
13.08.2026
Hazar deňziniň güni ekologiýa diplomatiýasyny we sebit hyzmatdaşlygyny berkitmek çäreleri bilen giňden bellenildi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 12-nji awgustda Hazar deňziniň güni giňden bellenildi. Çäräniň esasy wakasy hökmünde «Berkarar» myhmanhanasynda «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Hökümet agzalary, daşary ýurt ilçihanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Foruma gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz öz ýüzlenmesinde Hazar deňziniň täsin ekoulgamyny we biologik köpdürlüligini gorap saklamagyň ýurduň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň bu ugurda BMG-niň we Hazarýaka döwletleriň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýandygy nygtaldy.

Maslahatda Tähran konwensiýasynyň güýje girmegine 20 ýyl dolýandygy bellenilip, Hazar ekologik başlangyjynyň we 2026-njy ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän Hazar ekologiýa forumynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Gatnaşyjylar Hazarüsti halkara ulag geçelgesini ösdürmek, deňziň suwunyň peselmeginiň öňüni almak we ylmy-barlag hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Dabaralaryň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara Migrasiýa Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, BMG-niň we ÝHHG-niň wekilleri bilen duşuşyp, «ýaşyl» ykdysadyýet we durnukly ösüş boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy. Şeýle hem çäreleriň çäginde diplomatlaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda sport ýaryşlary guraldy.