Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen 80/295 belgili «Halkara hukugynyň ýyly, 2028» atly Kararnama guramanyň alty resmi dilinde neşir edildi. Resminama BMG-niň «Parahatçylyk medeniýeti» diýen gün tertibiniň 14-nji bendi boýunça resmi taýdan elýeterli edildi. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň resmi saýtynda habar berildi.
Kararnamanyň ähli resmi dillerde neşir edilmegi ony resmileşdirmek tapgyryny doly jemläp, BMG-ä agza döwletleriň arasynda giňden ýaýradylmagyna şert döredýär. Bu resminama 2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda 106-njy plenar mejlisde biragyzdan kabul edilipdi hem-de dünýäniň 78 döwleti bu başlangyjyň awtordaşy hökmünde çykyş etdi.
2028-nji ýyly "Halkara hukugyň ýyly" diýip yglan edýän bu Kararnama halkara gatnaşyklarda hukugyň ornuny ýokarlandyrmaga we döwletleriň BMG-niň Düzgünnamasyna ygrarlylygyny berkitmäge gönükdirilendir. Şeýle hem ol halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we özara hyzmatdaşlygy saklamakda hukuk bilimleriň ýaýradylmagyna uly goşant goşar.