744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
17.08.2026
Hytaýyň ilçisi «Sinopec» kompaniýasynyň Türkmenistandaky işi bilen tanyşdy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin «Sinopec Petroleum Technology Corporation» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasyna resmi sapar bilen bardy. Saparyň çäklerinde diplomat kärhananyň häzirki zaman önümçilik we hojalyk işleriniň barşy bilen ýakyndan tanyşdy. Bu barada Hytaýyň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berdi.

Diplomat energetika ulgamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde şahamçanyň eýeleýän ornuna we goşýan goşandyna ýokary baha berdi. Şeýle hem ilçi Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek strategiýasy bilen utgaşmagynyň täze taryhy mümkinçilikleri açýandygyny belläp, olary netijeli peýdalanmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Szi Şumin öz çykyşynda hojalyk işleri alnyp barlanda ähli kadalaryň berjaý edilmelidigini we durmuşa geçirilýän taslamalaryň hiline berk gözegçilik edilmelidigini aýratyn nygtady.

«Sinopec Petroleum Technology Corporation» Hytaýyň iň iri nebiti gaýtadan işleýän hem-de nebithimiýa korporasiýasy bolan «Sinopec Group»-yň golçur kärhanasydyr. Ol nebitgaz taslamalarynda guýulary burawlamak, olara tehniki hyzmat etmek we inženerçilik çözgütlerini hödürlemek boýunça giň göwrümli hyzmatlary amala aşyrýar.