744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
17.08.2026
Türkmenistan bilen Bangladeş nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürer

Aşgabatda 15-nji awgustda Türkmenistanyň we Bangladeş Halk Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi. Ikitaraplaýyn duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow hem-de Bangladeşiň daşary işler ministrliginiň sekretary, ilçi Nazrul Yslam ýolbaşçylyk etdiler. Türkmenistan bilen Bangladeşiň arasynda nebitgaz pudagy hyzmatdaşlygyň iň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Geňeşmelerde ýokary we iň ýokary derejedäki saparlary guramagyň, şeýle hem daşary işler ministrleriniň özara saparlaryny amala aşyrmagyň wajypdygy bellenildi. Şol bir wagtda BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlyk barada hem durup geçildi.

Söwda-ykdysady we şertnama-hukuk binýadyny giňeltmek gepleşikleriň esasy temalarynyň biri boldy. Bu ugurda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Dakkanyň söwda-senagat palatasynyň arasynda göni aragatnaşygy ýola goýmak, şeýle hem parlamentara gatnaşyklary ösdürmek barada pikir alşyldy. Mundan başga-da, ulag-kommunikasiýa, oba hojalygy, dokma senagaty, medeniýet, bilim we syýahatçylyk ýaly ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge uly üns berildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar özara gyzyklanma döredýän ähli ugurlar boýunça köptaraply hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.