744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
17.08.2026
Türkmenistanda nebitgaz pudagynyň maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanan halkara maslahaty geçiriler

Aşgabatda 21–23-nji oktýabr aralygynda «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatyny we sergisini geçirmäge işjeň taýýarlyk görülýär. Bu iri forum Türkmenistanyň energetika pudagyny ösdürmek mümkinçiliklerini maslahatlaşmak üçin hökümet agzalaryny, milli kompaniýalaryň, halkara operatorlarynyň, maýadarlaryň we tehnologiýa üpjün edijileriniň ýokary derejeli wekillerini bir ýere jemlär. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.

Halkara maslahatynyň maksatnamasy känleri özleşdirmek, Hazar deňziniň serişdelerini ulanyş, gazy gaýtadan işlemek, nebit-himiýa, sebitleýin energetika arabaglanyşygy, sanlylaşdyrmak, emeli aň, metan zyňyndylaryny azaltmak hem-de energiýa netijeliligi ýaly wajyp ugurlary öz içine alar. Forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin ýurduň energetika syýasaty we strategik taslamalary üçin jogapkär ýolbaşçylar bilen göni aragatnaşyk ýola goýmaga amatly şertleri döreder.

Çäräniň çäklerinde ýokary derejeli mejlisler, resmi işewürlik duşuşyklary we täjirçilik gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen çäreler geçiriler. Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň kuwwatyny yzygiderli artdyrýandygyny göz öňünde tutup, "OGT 2026" täze maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenmek hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek üçin möhüm meýdança bolar. Forum barada jikme-jik maglumatlary guramaçylaryň resmi saýtyndan (https://www.ogt-turkmenistan.com) tapyp bilersiňiz.