744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
18.08.2026
Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri göwrümli taslamalar amala aşyrylýar we önümçiligiň göwrümi artdyrylýar

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda milli ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen iri göwrümli taslamalar we gözleg-barlag işleri giň depginde dowam etdirilýär. Pudagy ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna laýyklykda, nebitgaz önümçiligini düýpli artdyrmak hem-de energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak esasy wezipeleriň biri hökmünde bellenilýär. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.

Häzirki wagtda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýöriteleşdirilen ekspedisiýalary tarapyndan ýurdumyzyň dürli sebitlerinde täze ýataklary, esasan hem kükürtsiz tebigy gazy ýüze çykarmak boýunça burawlama işleri alnyp barylýar. Şunun bilen baglylykda, korporasiýanyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de gözleg-barlag işlerine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça yzygiderli çäreler görülýär.

Pudakda täze känleri açmak bilen bir hatarda, ozal bellenilen ýataklary netijeli özleşdirmek we önümçilik göwrümini ýokarlandyrmak iş alnyp barylýar. Şeýle hem dünýäde iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berildi. Bu taslamanyň çäklerinde ýylda 10 milliard kubometr harytlyk tebigy gazy taýýarlaýan täze desgany gurmak, degişli guýulary burawlamak we olary ulanyşa girizmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet tarapyndan daşary ýurt nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça netijeli çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär.