744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
18.08.2026
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasy üçin täze halkara başlangyçlaryny öňe sürýär

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmäge gönükdirilen birnäçe halkara başlangyçlary hem-de takyk garaýyşlary öňe sürer. Ýurdumyz BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köptaraply hyzmatdaşlygy çuňlaşdyryp, bitaraplyk syýasatynyň hem-de öňüni alyş diplomatiýasynyň institusional mümkinçiliklerini giňeltmegi dowam etdirýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Sessiýanyň çäklerinde Türkmenistan 2027–2037-nji ýyllary «BMG-niň Dialogyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy» diýip yglan etmek baradaky teklibi öňe sürer. Şeýle hem BMG-niň çäklerinde Köptaraplylygyň we döwletleriň özygtyýarlylygynyň deňliginiň dostlary toparyny döretmek, Ählumumy parahatçylyk strategiýasyny taýýarlamak boýunça geňeşmeleri geçirmek we Parahatçylygyň, bitaraplygyň hem-de öňüni alyş diplomatiýasynyň akademiki merkezini esaslandyrmak meýilleşdirilýär.

Halkara gün tertibiniň sanlylaşdyryş we ekologiýa ugurlarynda BMG-niň howandarlygynda emeli aňy parahatçylykly peýdalanmak boýunça halkara kodeksini işläp taýýarlamak, Aşgabatda Sanly ynanyşmak we emeli aňy jogapkärçilikli ulanmak boýunça bilermenler dialogyny hem-de Aşgabat howa dialogyny döretmek teklip edilýär. Mundan başga-da, «Hemmeler üçin durnukly energetika» atly ýokary derejeli forumy geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ulag we söwda diplomatiýasynyň çäklerinde «BMG-niň Durnukly ulag boýunça 2026–2035-nji ýyllar üçin onýyllygyny» durmuşa geçirmek maksady bilen Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek bellenilýär. Türkmenistanda Durnukly söwda logistikasy we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça halkara merkezi hem-de Hazar deňzi arkaly Günorta we Merkezi Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýan sebitüsti ulag geçelgesini döretmek barada täze başlangyçlar hödürlener.

Ynsanperwer ugurda Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň we ýaşlarynyň dialogyna goldaw bermek, 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek hem-de BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (ECOSOC) 2026–2028-nji ýyllar üçin agzasy hökmünde işjeňligi ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Türkmenistanyň 2031–2032-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine dalaşgärligi boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylar.