744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
18.08.2026
«Türkmennebit» döwlet konserniniň hünärmenleri önümçilik meýilnamalaryny üstünlikli berjaý edýärler

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Körpeje» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri ýurdumyzyň ýerasty baýlyklary bolan nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan möçberlerini durnukly artdyrmakda ýokary netijeleri görkezýärler. Häzirki zaman döwrebap desgalary hem-de enjamlary netijeli ulanýan müdirligiň hünärmenleri geologlar tarapyndan bellenen meýdançalarda çuňňur gatlaklara aralaşyp, täze uglewodorod goryny açmak boýunça giň gerimli işleri geçirýärler. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.

Ýylyň geçen döwründe kärhananyň burawlaýjylary tarapyndan dag jynslarynyň jemi 11 müň 994 metri gazylyp, önümli guýularyň 3-si üstünlikli ulanyşa berildi. Gazuw işleri tamamlanan bu guýularyň ählisiniň ulanyş maksatly bolmagy alnyp barylan işleriň ýokary netijeliligini görkezýär.

«Gara altynyň» senagat akymyny beren täze guýular «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň ygtyýaryna tabşyryldy. Bu bolsa sebitleýin önümçilik kuwwatyny has-da artdyrmaga uly goşant goşýar.