Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň alymlary nebitgaz pudagy üçin ekologik we ykdysady taýdan uly ähmiýete eýe bolan iki sany täze çözgüdi işläp taýýarladylar hem-de olara patent aldylar. Täze oýlap tapyşlar topraklary nebit önümlerinden biologik usulda arassalamaga we gaz arassalamagyň galyndylaryndan gurluşyk materialyny öndürmäge gönükdirilendir.
Birinji çözgüt nebit bilen hapalanan topraklary arassalamak hem-de dikeltmek boýunça biologik usul bolup, ol ýerli destruktor-mikroorganizmleriň ýörite ştammlaryny peýdalanmaga esaslanýar. Bu mikroorganizmler tomusky yssy hem-de topragyň şorlaşan şertlerinde agyr uglewodorodlary parçalamaga ukyplydyr. Bu usul gymmat bahaly we ekologiýa zyýanly himiki reagentleriň ýerini tutup, hapalanan ýerleri gysga möhletde oba hojalyk we hojalyk dolanyşygyna gaýtaryp bermäge mümkinçilik döredýär.
Ikinji patentleşdirilen çözgüt bolsa nebitgaz känlerinde tebigy gazy arassalamakda emele gelýän artykmaç tehniki kükürtden organomineral kükürt-polimerbetony öndürmegiň resepturasydyr. Bu importyň ornuny tutýan täze material ýokary berkligi, dykyzlygy, çyglylyga hem-de agressiw himiki gurşawlara durnuklylygy bilen tapawutlanýar.
Täze kükürt-polimerbeton adaty sement betonynyň duzlaryň täsiri astynda çalt dargan ýerlerinde, ýagny gidrotehniki gurluşyklarda, suwaryş kanallarynda, şor suw akabalarynda we port desgalarynda giňden ulanylyp bilner. Bu oýlap tapyş gurluşyk işleriniň özüne düşýän gymmatyny azaltmak bilen bir hatarda, kükürt galyndylaryny gaýtadan işlemek boýunça ekologik wezipäni hem netijeli çözýär.