Germaniýanyň Klaustal tehniki uniwersitetinde geçirilen üç hepdelik okuw tejribeliginiň netijeleri boýunça türkmenistanly hünärmenler halkara ylmy dialogy ösdürmek we sanly tehnologiýalary öwrenmek ugrunda oňyn tejribe topladylar. Tejribelik maksatnamasy «ýaşyl» tehnologiýalary we emeli aňy metan zyňyndylaryny azaltmakda, poslama garşy göreşmekde hem-de dikeldilýän energetikany ösdürmekde amaly taýdan ulanmaga gönükdirildi. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.
Bu halkara okuw maksatnamasy Ýewropa Bileleşiginiň we Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň bilelikde maliýeleşdirmeginde GIZ tarapyndan durmuşa geçirilýän «Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi ugrunda: Syýasy dialog we 2024–2029-njy ýyllar üçin howa hereketleri» taslamasynyň çäklerinde guraldy.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň we onuň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleri, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary hem-de ylmy işgärleri ýer aldy.
Gatnaşyjylar guýularyň abatlygyny seljermek, emeli aňyň we COMSO maksatnamasynyň kömegi bilen gaz syzmalaryny ýüze çykarmak hem-de olaryň sanly modellerini düzmek boýunça amaly bilimleri aldylar. Mundan başga-da, olar poslamanyň görnüşlerine baha bermegiň, enjamlary goramagyň döwrebap usullary we maşyn öwreniş usullary arkaly Gün energiýasyny öndürmegi modelirlemek we çaklamak bilen içgin tanyşdylar.