Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 19-njy awgustda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän “Arçman” şypahanasyna bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň gurluşygy hem-de käbir binalary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň tamamlaýjy tapgyry bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myratberdi Gaýypow döwlet Baştutanymyza 400 orunlyk täze şypahana binasynyň, düýpli döwrebaplaşdyrylan “A” we “B” binalarynyň, fitobaryň, 300 orunlyk mejlisler zalynyň, SPA bölüminiň, türgenleşik zallarynyň, çagalar otaglarynyň hem-de 4 gatly awtoulag duralgasynyň taslamalary barada hasabat berdi. Şypahana binalaryň ählisi sebitde deňi-taýy bolmadyk öňdebaryjy halkara lukmançylyk enjamlary we sanly ulgamlar bilen üpjün edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow görkezilen taslamalara birnäçe düzedişleri girizip, gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde, ýokary hilli berjaý edilmegini tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyny Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň çäginde, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde ýokary derejede guramagy tabşyrdy.
Şeýle hem iş saparynyň dowamynda şypahananyň mineral suwly çeşmesiniň gorlaryny ylmy esasda öwrenmek, lukmanlaryň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmek, ekologiýa ýagdaýyny saklamak we dynç alýanlara hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça anyk tabşyryklar berildi.