Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň alymlary hytaýly kärdeşleri bilen bilelikde nebit senagaty üçin möhüm bolan täze innowasion oýlap tapyşy hödürlediler. Olar çuňňur nebit guýularyna himiki jisimleri ygtybarly eltip bermek üçin niýetlenen ýörite kapsulalary işläp düzdüler. Täze ylmy çözgüt barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berýär.
Täze kapsulalar adaty önümlerden özüniň berk we çydamly binýady bilen tapawutlanýar. Alymlar olary taýýarlamakda toýun çig malyndan we demir galyndylaryndan alynýan geopolimer keramikasyndan peýdalandylar. Bu material guýulardaky ýokary basyşa we temperatura durnuklylygy bilen tapawutlanýar.
Adatça şeýle kapsulalar plastmassadan taýýarlanylýandygy sebäpli, olar guýularyň çuňlugyndaky ýokary temperatura we basyşa çydaman çalt ýumşaýarlar hem-de bellenilen ýere ýetmän wagtyndan öň dargaýarlar. Täze geopolimer keramikasy bolsa bu böwetleri doly aradan aýyrýar.
Bu ylmy açyş nebit gazyp alýan kärhanalar üçin uly ykdysady bähbit getirýär. Täze kapsulalaryň ulanylmagy çykarmasy kyn bolan nebit gorlaryny özleşdirmegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de önümçilik çykdajylaryny ep-esli azaltmaga giň mümkinçilik berer.