Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 20-nji awgustda geçirilen nobatdaky söwdalarda jemi 4 sany iri geleşik bellige alyndy. Söwda amallarynyň jemleri boýunça baglaşylan şertnamalaryň umumy bahasy 65 million 715 müň manada hem-de 81 müň 567,50 amerikan dollaryna deň boldy.
Eksport bazarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar tarapyndan türkmen önümlerine bolan gyzyklanma ýokary derejede saklandy. Geleşikleriň çäginde Azerbaýjandan gelen telekeçiler ýerli öndürijilerden ýokary hilli dokma önümlerini satyn aldylar. Şol bir wagtyň özünde, Türkiýäniň işewür wekilleri hem Türkmenistanda öndürilen nah ýüplügini satyn almak barada özara bähbitli ylalaşyklara gol çekdiler.
Içerki bazarda ýerli telekeçileriň gatnaşmagynda milli ykdysadyýetimiz üçin möhüm bolan harytlary ýerlemek boýunça söwdalar üstünlikli geçirildi. Ýerli kärdeşler “Türkmennebit” döwlet konserniniň öndürýän “TPP D30S” kysymly polipropilen önümini satyn aldylar. Mundan başga-da, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginden 1-nji hilli bugdaý ununy edinmek barada söwda geleşikleri netijeli jemlendi.