744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
21.08.2026
Türkmenistanyň nebitgaz uniwersiteti Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň, onuň «PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» şahamçasynyň hem-de PETRONAS Tehnologiýa uniwersitetiniň wekilleri bilen iş maslahaty geçirildi. Gepleşikleriň esasy mowzugy hereket edýän özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde ylym-bilim hyzmatdaşlygyny berkitmekden we giňeltmekden ybarat boldy. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda ozal amala aşyrylan bilelikdäki taslamalaryň netijelerine uly baha berildi. Hususan-da, 90-a golaý türkmen talybynyň Malaýziýada tomusky önümçilik tejribeligini geçendigi, 14 mugallymyň Malaýziýanyň degişli ýokary okuw mekdebinde hünärini ýokarlandyrandygy hem-de 200 töweregi talybyň nebitgaz pudagynyň öňdebaryjy tehnologiýalary boýunça uzagara okuwlary üstünlikli tamamlandygy bellenildi.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmek barada ylalaşdylar. Şunlukda, bilelikde ylmy-gözleg işlerini geçirmek we olaryň netijelerini halkara ylmy žurnallarda çap etmek meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, PETRONAS Tehnologiýa uniwersitetiniň professorlary tarapyndan nebitgaz işi, geologiýa, himiki tehnologiýalar we sanly ulgamlar boýunça dersleri dowam etdirmek hem-de talyplar we ýaş hünärmenler üçin amaly taýýarlyk maksatnamalaryny giňeltmek bellenildi.