744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
22.08.2026
Birža söwdalarynda dizel fraksiýasynyň eksporty boýunça 1,44 million dollarlyk geleşik baglaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 21-nji awgustda geçirilen söwdalarda daşarky bazarda jemi 1 440 000,00 amerikan dollaryna barabar bolan 2 geleşik baglaşyldy. Geleşikleriň çäklerinde Owganystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlary «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen kükürtsizlendirilen dizel fraksiýasyny satyn aldylar.

Biržanyň maglumatlaryna görä, eksport geleşikleri daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň türkmen nebithimiýa önümlerine bolan gyzyklanmasynyň ýokary derejede saklanýandygyny görkezýär. Söwdalar bäsdeşlik esasynda geçirilip, taraplar önümiň iberilmegi boýunça degişli şertnamalary baglaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen amala aşyrylýan söwdalar milli önümleriň halkara bazarlarynda ýerini pugtalandyrmaga, eksport ugurlaryny giňeltmäge hem-de daşary ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär. Şeýle geleşikler ýurdumyzyň senagat önümleriniň dünýä bazarynda isleglidigini nobatdaky gezek tassyklaýar.