Şu ýylyň başyndan bäri «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Abatlaýyş-sazlaýyş we elektrogurnama müdirligi tarapyndan Balkan welaýatynyň nebit-gaz kärhanalaryna 24 million 406 müň manatdan gowrak möçberde hyzmat edildi. Bu görkeziji meýilnamadan 885 müň 402 manat artyk ýerine ýetirildigidir. Hasabat döwründe konserniň we beýleki edara-kärhanalaryň jemi 1 müň 953 sany sargydy üstünlikli ýerine ýetirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.
Iýul aýynda müdirligiň hünärmenleri 264 sany sargydy ýerine ýetirip, 4 million 248 müň manatdan gowrak möçberde hyzmat etdiler. Bu bolsa meýilnamanyň 105 göterim ýerine ýetirilendigini görkezýär.
Müdirligiň başlygy Azat Gajarowyň bellemegine görä, hünärmenler konserniň edara-kärhanalaryna ýokary hilli hyzmatlary bermek bilen önümçilik görkezijileriniň ýokarlanmagyna goşant goşýarlar. Şol sanda «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary ýylyň geçen hasabat döwründe meýilnamany 104,9 göterim ýerine ýetirdiler.
Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Salyhberdi Öwezow işgärleriň hünär derejesini we ruhubelentligini ýokarlandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat, medeni we sport çäreleriniň yzygiderli geçirilýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu çäreler işgärleriň öndürijiligini ýokarlandyrmaga oňyn täsir edýär.
Ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak bilen utgaşykly dowam etdirilýär. Alymlar, geologlar we önümçilik inženerleri tarapyndan uglewodorod çig malynyň çykarylyşyny durnuklaşdyrmak hem-de möçberini artdyrmak boýunça taýýarlanan toplumlaýyn meýilnamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Abatlaýyş-sazlaýyş we elektrogurnama müdirligi konserniň düzümindäki edara-kärhanalara enjamlary abatlamak, sazlamak, synagdan geçirmek hem-de çylşyrymly elektrokuwwatlyk ulgamlaryna hyzmat etmek boýunça işleri ýerine ýetirýär. Şeýle hem deňizdäki turbalar we nebitgaz geçirijileri defektoskopiýa barlagyndan geçirilýär hem-de gaz geçirijilerini poslamakdan goramak işleri alnyp barylýar.
Müdirligiň düzüminde merkezi energo-tehnologiýa gullugy we 10 bölüm hereket edýär. Hünärmenler barlag-ölçeg enjamlaryny, manometrleri, çykdajy ölçeglerini, gidrawliki agram ölçeglerini hem-de gysyjy enjamlary abatlamak we gurnamak bilen meşgullanýarlar. Şeýle-de elektrohereketlendirijileri bejermek, transformatorlary synagdan geçirmek, ýag guýmak we ýygnamak işleri ýerine ýetirilýär.