744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
24.08.2026
«Bagtyýarlyk» taslamasynda maýyşgak turbalar arkaly guýylary abatlamak işleri geçiriler

Hytaýyň Milli nebit-gaz korporasiýasynyň («CNPC International Ltd.») Türkmenistandaky şahamçasy «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginde maýyşgak nasos-kompressor turbasyny ulanmak arkaly hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin CIT-26034-SR belgili bäsleşik yglan etdi. Bu tender çäklerinde meýilleşdirilýän işleri 2027—2030-njy ýyllar aralygynda ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.

Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalar öz rekwizitlerini, hukuk derejesini we hasaba alnan ýurduny görkezip resmi ýüz tutma ugratmalydyrlar. Şondan soň gatnaşyjylar tender resminamalarynyň doly toplumyny satyn alyp bilerler.

Gatnaşmak üçin arzalary kabul etmek işi 2026-njy ýylyň 20-26-njy awgusty aralygynda amala aşyrylýar. Goşmaça maglumatlary we resminamalary kompaniýanyň Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 553/3 öýünde ýerleşýän edarasyndan alyp bolýar.