Ýakynda Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy, şeýle-de Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, ylmy-amaly maslahat we sergi guraldy.
Maslahata Mary welaýatynda ýerleşýän ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary taýýarlan mowzuklary bilen işjeň gatnaşyp, Magtymguly Pyragynyň şygryýet älemindäki ornuny giňişleýin beýan etdiler. Maslahat üç bölümden ybarat bolup, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy ähmiýeti», «Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň binýady», «Türkmenistanda nebitgaz pudagynyň ösüşi. Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň esasy hünär ugurlary, geçen taryhy menzili» diýlip atlandyryldy. Welaýatymyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinden gelen mugallymlar Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti hakynda, Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary bolsa nebitgaz senagatynyň ösüşi, nebitgaz mekdebiniň taryhy dogrusynda durup geçdiler