Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we Malaýziýanyň «PETRONAS» Tehnologiýa uniwersitetiniň wekilleri bilen ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda uniwersitetiň rektory myhmanlary ýokary okuw jaýynyň düzümi, taýýarlyk ugurlary hem-de gazanan sepgitleri bilen tanyşdyryp, abraýly daşary ýurt edaralary bilen hyzmatdaşlygyň barha giňeldilýändigini nygtady. Bu barada ýokary okuw jaýynyň metbugat gullugy habar berdi.
Hyzmatdaşlygyň çäklerinde uniwersitetiň mugallymlary we talyplary üçin onlaýn okuwlar yzygiderli guralyp, talyplaryň Malaýziýada tomusky önümçilik tejribeligini geçýändikleri bellenildi.
«PETRONAS» kompaniýasynyň Bilim we adam kapitalyna maýa goýumlary boýunça Baş direktory Akmal Niza Ahmad uniwersitet bilen ýola goýulan özara bähbitli gatnaşyklara ýokary baha berdi. Ol nebitgaz, geologiýa, himiýa tehnologiýasy we sanly ulgam boýunça malaýziýaly professorlaryň okuw sapaklarynyň dowam etdiriljekdigini habar berip, bilelikde ylmy-barlag işlerini geçirmäge hem-de halkara žurnallarda makalalary çap etmäge çagyrdy.