«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Barsagelmez guýulary düýpli abatlaýyş müdirligi tarapyndan geçen döwürde 93 sany guýuda düýpli abatlaýyş işleri geçirildi. Olardan 75-si eýýäm önümçilige girizilip, alnan goşmaça nebitiň möçberi 26 müň 500 tonnadan geçdi we bellenilen meýilnama 134 göterim berjaý edildi. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.
Kärhananyň hünärmenleri önüm bermesini kemelden we bütinleý bes eden guýulary gaýtadan hatara girizmek boýunça netijeli işleri yzygiderli alyp barýarlar. Abatlanan guýulardan alnan goşmaça «gara altyn» ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik görkezijileriniň yzygiderli artmagyna uly goşant goşýar.
Müdirligiň zähmetkeşleri mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk baýramyna çenli abatlama işleriniň depginini has-da artdyrmagy maksat edinýärler. Ýylyň ahyryna çenli gaýtadan hatara girizilýän guýularyň sanyny köpeltmek arkaly nebit çykarylyşynyň umumy möçberini artdyrmak meýilleşdirilýär.