744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
27.08.2026
«Türkmennebit» döwlet konserniniň guýulary dikeltmekdäki uly üstünligi

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynda ýerleşýän «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Gamyşlyja guýulary düýpli abatlaýyş müdirligi zähmet üstünliklerini gazanmagy dowam etdirýär. Ýylyň başyndan bäri kärhananyň hünärmenleri önüm bermesini kemelden 30 guýynyň deregine 39-syny dikeldip, meýilnamany 130 göterim ýerine ýetirdiler we ulanyşa berdiler. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

Bu alnyp barlan netijeli abatlaýyş işleriniň saýasynda göz öňünde tutulandan 3 essä barabar, ýagny 33 müň tonna golaý goşmaça nebit çykarmak başartdy. Müdirligiň zähmetkeşleri şeýle hem gaz çykarmak meýilnamasyny birnäçe esse artygy bilen berjaý edip, uly zähmet ýeňşine eýe boldular.

Kärhananyň gazanan bu guwandyryjy görkezijileri pudagyň durnukly ösmegine we Balkan welaýatynyň senagat kuwwatynyň artmagyna uly goşant goşýar. Önümçilik kuwwatyny dikeltmek we çykarylýan peýdaly gazylyp alynýan baýlyklaryň möçberini artdyrmak boýunça bellenilen meýilnamalaryň artygy bilen ýerine ýetirilmegi tutuş trest boýunça ýokary netijeliligiň kepili bolup durýar.

Hünärmenleriň yhlasly zähmeti we döwrebap tehnologiýalary netijeli peýdalanmagy netijesinde guýularda geçirilýän düýpli abatlaýyş işleri barha çaltlandyrylýar. Ýurduň nebitgaz senagatynyň kuwwatlanmagyna we energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen bu işler geljekde hem batly depginler bilen dowam etdiriler.