Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre ýurdumyzda ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak hem-da täze okuw ýylyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde guramaçylykly guraldy. Bu barada ýokary okuw jaýynyň metbugat gullugy habar berdi.
Dünýä ülňülerine gabat gelýän ýokary derejeli inžener-tehniki hünärmenleri taýýarlamagyň wajyplygyna bagyşlanan maslahata ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary we ylym edaralarynyň wekilleri uly höwes bilen gatnaşdylar. Çykyşlarda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek barada giňişleýin durlup geçildi.
Maslahatyň barşynda uniwersitetiň professory N.Suwhanow önümçilik we senagat pudaklary üçin kämil hünärmenleri ýetişdirmegiň ähmiýetini nygtady. Şeýle hem uly mugallym G.Saparowa geljekki hünärmenleriň ynsanperwer taýýarlygyny we ruhy-ahlak terbiýesini kämilleşdirmek barada çykyş etdi.
Dabaranyň soňunda maslahata gatnaşyjylar ýurtda bilim ulgamyny ösdürmäge, ýaşlaryň döwrebap terbiýelenmegine we ylym bilen meşgullanmagyna döredilýän ähli giň mümkinçilikler üçin çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler.