Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 26-njy awgustda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikleri geçirdi. Taraplar gazhimiýa senagaty, ulag we sirkulýar ykdysadyýet ýaly möhüm ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň häzirki ýagdaýyny hem-de olary ösdürmegiň gеljekki mümkinçiliklerini seljerdiler. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berdi.
Gepleşikleriň dowamynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn komitetleriň nobatdaky bilelikdäki mejlisine görülýän taýýarlyk işleri giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler çäräniň guramaçylyk meselelerine hem-de hyzmatdaşlygyň derwaýys ugurlaryna aýratyn üns berdiler.
Duşuşygyň netijeleri boýunça öňde duran mejlisiň gün tertibi, maksatnamasy we onuň çäklerinde gol çekilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn resminamalaryň taslamalary boýunça degişli ylalaşyklar gazanyldy.