Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynda we Nepalda bolup geçen tebigy betbagtçylyklar zerarly iki ýurduň ýolbaşçylaryna gynanç hatlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine iberen hatynda Tibet awtonom sebitinde pajygaly netijelere getiren tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Nepalyň Prezidenti Ramçandra Paudele hem-de Premýer-ministri Balendra Şaha bu ýurduň demirgazyk sebitlerinde emele gelen suw joşgunlary we süýşgünler sebäpli köp sanly adamlaryň gurban bolandygy, şikes alandygy hem-de uly weýrançylyklaryň ýüze çykandygy zerarly çuňňur gynanjyny ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan we hut öz adyndan bu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden medet beriji sözlerini beýan etdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz tebigy betbagtçylyklardan ejir çeken adamlaryň tiz wagtda sagalmaklaryny dileg etdi.