Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 28-nji awgustda Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşynyň oba hojalyk, bilim, energetika, nebitgaz, ulag hem-de daşary syýasat ýaly möhüm ugurlary boýunça birnäçe meselelere seredildi we degişli çözgütler kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Nebitgaz pudagynda alnyp barylýan işler barada berlen hasabatda gaýtadan işleýän senagaty döwrebaplaşdyrmak hem-de önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak meselelerine seredildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň tehnologik desgalaryny elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek hem-de olarda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça hödürlenen teklibi makullady we degişli tabşyrýyklary berdi.
Oba hojalyk pudagy boýunça möhüm kararlar yglan edilip, ýurdumyzda bugdaý ekişine 2-nji sentýabrda, pagta ýygymyna bolsa 9-njy sentýabrda badalga beriljekdigi bellenildi. Şeýle hem täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyklar barada bellenip, 1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar gününde birnäçe täze mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de Aşgabat we Türkmenabat şäherlerinde ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açyljakdygy habar berildi. 1-nji synp okuwçylaryna bolsa "Bilimli" noutbuklary gowşurylar.
Halkara hyzmatdaşlygy we senagat ugurlary boýunça Aşgabatda GDA-nyň ykdysady Geňeşiniň 111-nji mejlisini geçirmäge hem-de BMG bilen bilelikdäki orta möhletli milli "Ýol kartasyny" durmuşa geçirmäge taýýarlyk görülýändigi barada hasabat berildi. Mundan başga-da, energetika we demir ýol ulag ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça teklipler döwlet Baştutanymyz tarapyndan goldanyldy.