744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
31.08.2026
PETRONAS Gyýanlyda işlemek üçin hünärmenleri işe çagyrýar

«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy reanimatolog lukman we bölüm kömekçisi — materiallar boýunça utgaşdyryjy wezipelerine ökde hünärmenleri işe çagyrýar. Iş ýeri Gyýanly obasynda ýerleşýär.

Reanimatolog lukman wezipesine dalaşgäriň lukmançylyk bilimi, iki ýyllyk kliniki ordinaturany ýa-da bir ýyllyk internaturany tamamlandygy baradaky şahadatnamasy bolmalydyr. Şeýle hem onuň soňky bäş ýylyň dowamynda kliniki ordinaturany we internaturany hasaba almazdan, umumy reanimasiýa ugry boýunça üznüksiz iş tejribesiniň bolmagy talap edilýär.

Bölüm kömekçisi wezipesine dalaşgäriň ýörite orta tehniki bilimi hem-de nebitgaz pudagynda azyndan sekiz ýyl iş tejribesi bolmalydyr. Tejribe buraw işlerini, guýulary tamamlamagy we gury ýerdäki ýa-da deňizdäki desgalaryň maddy-tehniki üpjünçiligini öz içine almalydyr.

Dalaşgärler türkmen, rus we iňlis dillerinde erkin geplemegi we ýazmagy, şeýle hem MS Office programmalarynda işlemegi başarmalydyrlar.

Sowalnamany kompaniýanyň Aşgabat şäheriniň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän edara binasyndan, «B» blokdan alyp bolýar. Doldurylan resminamalar 2026-njy ýylyň 11-nji sentýabryndan gijä galman kompaniýa tabşyrylmalydyr ýa-da dalaşgäriň doly ady we familiýasy görkezilip, recruitment.tm@petronas.com.my elektron salgysyna iberilmelidir.