Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 31-nji awgustda geçirilen birža söwdalarynda jemi 35 487 580,59 amerikan dollaryna we 390 000,00 manada deň bolan geleşikler baglaşyldy. Söwda gününiň netijeleri boýunça daşarky we içerki bazarlarda milli önümlere bolan ýokary isleg gaýtadan tassyklandy.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda Singapuryň işewürler toparlary işjeňlik görkezdiler. Olar “Türkmennebit” döwlet konserniniň desgalarynda öndürilen az kükürtli ýakyş mazudyny satyn almak boýunça iri şertnamalara gol çekdiler.
Şol bir wagtda içerki bazarda hem ýerli telekeçileriň gatnaşmagynda geleşikler baglanyldy. Ýurdumyzyň işewürleri "Türkmenpagta" döwlet konserninden nah hasany satyn aldylar. Bu şertnamalar milli dokma we senagat önümçiligini çig mal bilen bökdençsiz üpjün etmäge gönükdirilendir.