744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
02.09.2026

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr. Korporasiýanyň iň baýry hem öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolan şu zähmet toparynyň hünärmenleridir işçileri Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýuny zähmet sowgatlary bilen garşy almak üçin öz iş depginlerini barha ýokarlandyrýarlar.

«Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň hünärmenleri hem-de geologlary ýurdumyzyň Mary we Lebap welaýatlarynyň çäklerinde ýerasty suwlaryň gözleg-barlag işlerini geçirmek bilen ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlyklaryny hasaplamak işlerini, dürli tehnogen täsirleriň netijesinde ýerasty we ýerüsti suwlaryň topragyň geoekologiki ýagdaýyny öwrenmek we ýüze çykarmak üçin gidrogeologiki we ekologiki, meliorasiýa maksatly inžener-geologiki barlag we surata almak işlerini alyp barýarlar. Gidrogeologlar şu iki welaýatyň çäklerindäki ýerasty suwlaryň düzgünini, dolanyşygyny we hilini öwrenmek işleri boýunça köpýyllyk düzgün gözegçilik işlerini ýola goýdular.

Döwletimiziň ýerasty suwlarynyň gor baýlygyny artdyrmaklygy, Mary hem Lebap welaýatlarynyň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmegi öz wezipe borçlary hasaplaýan ekspedisiýanyň zähmet topary häzirki wagtda Mary welaýatynyň çägindäki Tärimlik, Sakarçäge, Peşanaly, Murgap, Töreşyh, Tarhan, Kälçe, Gündogar Baýramaly, Täze oba, Sandykgaçy meýdançalarynda, Lebap welaýatynyň çägindäki Jynlygum, Zähmetkeş, Tahyrbaý hem-de Narazym meýdançalarynda burawlaýyş hem-de surata almak işlerini alyp barýarlar. Şeýlelikde, ady agzalan meýdançalarda ýerasty suwlarynyň, mineral bejeriş suwlarynyň gözlegi, barlagy, olaryň gorlaryny hasaplamak işleri netijeli häsiýetde bildirilýän talaba doly laýyk ýerine ýetirilýär. Ekspedisiýanyň gidrogeologlarynyň edara-kärhanalaryň buýurmalary esasynda ýurdumyzyň Ahal, Balkan welaýatlarynyň çäklerinde tehniki hajatlar üçin ýerasty suwlaryň gözleg, barlag işlerini-de alyp barýandyklary-da bellärliklidir. Gidrogeologlar häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çäginde ýerleşýän Bereket ýod zawodynyň buýurmasy boýunça ýod-brom suwlarynyň gözleg işini hem üstünlikli alyp barýarlar

Ýurdumyzda şanly toýlaryň toýlanyljak ýyly bolan 2026-njy ýylyň her aýynyň önümçilik tabşyryklarynyň üstünlikli berjaý edilmegine ekspedisiýanyň gidrogeologlary Gözel Allamyradowa, Ylýas Baýramalyýew, Döwlet Bäşimow, Mälik Hanmämmedow, buraw ussalary Döwran Annaýew, Bäşim Güýjow, Serdar Orazow dagy özleriniň önjeýli zähmet goşantlaryny goşýarlar.

— Döwletimiz tarapyndan berilýän ýardam-goldawlar esasynda gelip gowuşýan täze tehnologiýaly, häzirki zaman enjamlaryň hasabyna ýerasty agzy suwlarynyň gor baýlyklaryny artdyrmak boýunça alyp barýan işlerimizi döwrebaplaşdyrýarys. Şu ýyl kärhanamyza Hytaý Halk Respublikasynyň öňdebaryjy önüm öndürijileri tarapyndan öndürilen ýokary tehnologiýaly buraw enjamlarynyň ikisi bölünip berildi. Biz iki ýüz, üç ýüz metr çuňluklary burawlamaklyga niýetlenilýän şol enjamlary gözleg-barlag işlerini alyp barýan meýdançalarymyzda bada-bat işe girizdik. Munuň özi kärhanamyzyň önümçiliginiň tehnologiýasynyň täzelenmegine, hünärmenlerimiziň, işçilerimiziň iş şertleriniň ýokarlanmagyna ýardam berdi. Biz şu ýylyň geçen ýedi aýynda sütünleýin mehaniki buraw işleriniň dört müň dört ýüz metriniň ýerine on alty müň elli dört metr çuňlugy burawlap, bellenilen meýilnamany 111,5 göterim ýerine ýetirdik. Şertnamalaýyn işlerde iki müň dört ýüz on bir metr buraw işleri berjaý edildi. Biz 2026-njy ýyly ähli önümçilik görkezijileri boýunça üstünlikli jemläris — diýip «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň başlygy Amangylyç Çaryýew gürrüň berýär.

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti