«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk meselelerine bagyşlanan «tegelek stol» duşuşygy geçirildi. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.
Maslahata «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň önümçilik düzümleriniň inženerleri, zähmeti goramak hem-de tehniki howpsuzlyk boýunça hünärmenleri gatnaşdy. Duşuşykda önümçilik desgalarynda, meýdan şertlerinde, bagçylyk we tokaý zolaklarynda howpsuzlyk düzgünleriniň ýerine ýetirilişi hem-de işgärler üçin döredilýän iş şertleri giňişleýin seljerildi.
Şeýle hem ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, işgärleriň zähmetini goramak boýunça amala aşyrylýan çäreleri kämilleşdirmek, köpçülikleýin şertnamalara degişli çözgütleri girizmek we olaryň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Gatnaşyjylar birnäçe teklipleri öňe sürüp, bu ugurdaky işleri mundan beýläk hem ösdürmegiň ähmiýetini bellediler.
Çykyşlarda önümçiliklere ornaşdyrylýan häzirki zaman tehnologiýalarynyň we enjamlarynyň iş şertlerini ýeňilleşdirýändigi, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrýandygy hem-de daşky gurşawy goramaga ýardam berýändigi nygtaldy. Şeýle hem işgärleriň saglygyny goramak, zähmet we dynç alyş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň täze üstünliklere itergi berýändigi bellenildi.