Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 2-nji sentýabrda Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlaryň işleri boýunça ministriniň orunbasary Zwiad Gabisoniýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ýokary bilim, ylym we hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, akademiki gatnaşyklary giňeltmek hem-de tejribe alyşmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada ýokary okuw jaýynyň metbugat gullugy habar berdi.
Uniwersitetiň wekilleri myhmanlary Türkmenistanda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaş hünärmenleri taýýarlamak we ylmy-tehniki ösüşleri okuw işine ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem ýokary okuw mekdebiniň fakultetleri, kafedralary, taýýarlanýan hünärleri, ylmy-barlag ugurlary barada giňişleýin maglumat berildi we uniwersitetiň işi barada wideotanyşdyrylyş görkezildi.
Duşuşykda uniwersitetiň halkara hyzmatdaşlygy aýratyn nygtalyp, daşary ýurtlaryň iri nebit-gaz kompaniýalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijeleri barada durlup geçildi. Hususan-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň «Dragon Oil», Malaýziýanyň «Petronas» hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Milli nebitgaz korporasiýasy bilen baglaşylan ylalaşyklaryň esasynda ylym-bilim we nebit-gaz pudagynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi bellenildi.
Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlaryň işleri boýunça ministriniň orunbasary Zwiad Gabisoniýa öz gezeginde Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň işi, bilim maksatnamalary we ylmy-barlag ugurlary barada maglumat berdi. Şeýle hem ol ozal baglaşylan ähtnamalaryň esasynda iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, professor-mugallymlaryň, ýaş alymlaryň we talyplaryň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini nygtady.
Saparyň çäklerinde gruzin wekiliýeti uniwersitetiň fakultetlerine, kafedralaryna, muzeýlerine, tejribehanalaryna hem-de Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasyna baryp gördi. Taraplar duşuşygyň netijesinde ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.