ASCO flotyna degişli bolan “Gahryman Halilbeýli” nebitguýujy tankeri düýpli abatlaýyş işlerini geçdi we Türkmenbaşy portundan nebit daşamaga doly taýýar edildi. Häzirki zaman tehnologiýalaryň we enjamlaryň kömegi bilen ASCO-nyň “Zyh” (Zığ) gämi abatlaýyş zawodynda abatlaýyş boýunça işler geçirildi. Abatlaýyş işleri gysga wagtda hem ýokary hilli geçirildi diýip, caliber.az habar berýär.
Abatlaýyş işleriniň barşynda tankeriň suw üstündäki we suw astyndaky böleginiň arassalaýyş we reňkleýiş işleri geçirildi. Şeýle hem kömekçi hereketlendirjileri, maşyn bölüminiň mehanizmleri: esasy hereketlendiriji, kotelny we beýlekiler. Mundan başga-da, korpus-kebşirleme we elektromontaž işleri, şeýle hem ekipažyň kaýutalaryny düýpli abatlamak işleri geçirildi.
Abatlaýyş işleri tamamlanandan soň, tanker deňiz synaglaryny üstünlikli geçdi. Bu oňa Türkmenistandan çig nebiti daşamaga mümkinçilik berýär.