744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
04.09.2026

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebit orta hünär okuw mekdebinde 2026–2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaraly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa mugallymlar, talyplar we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda ýaş nesliň watançylyk ruhuny ösdürmek hem-de okuw jaýynda ýokary düzgün-tertibi berjaý etmegiň ähmiýeti barada pikir alşyldy. Bu barada okuw jaýynyň metbugat gullugy habar berdi.

Çykyş edenler geljekki hünärmenleriň diňe bir nazary we amaly bilimleri çuňňur ele almagynyň däl, eýsem milli däp-dessurlary, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny hormatlamagynyň hem möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Şeýle hem sanly tehnologiýalardan netijeli we paýhasly peýdalanmak, wagty dogry meýilleşdirmek hem-de ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmek bilen bagly maslahatlar berildi.

Talyplar hem öz çykyşlarynda täze okuw ýylynda üstünlikli bilim almaga, hünär endiklerini ösdürmäge we jemgyýet üçin peýdaly hünärmenler bolup ýetişmäge bolan taýýarlyklaryny beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda täze okuw ýylynyň mugallymlar we talyplar üçin üstünliklere beslenmegi arzuw edildi. Şeýle hem ýurtda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we ýaşlaryň hünär taýdan kämilleşmegi üçin döredilýän giň mümkinçiliklere ýokary baha berildi.