744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
05.09.2026

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestine degişli bolan «Goturdepenebit» nebitgazçykaryş müdirligi 2026-njy ýylyň başyndan bäri 717 müň 240 tonna nebit çykaryp, meýilnamany 111,5 göterim ýerine ýetirdi. Şeýle hem meýilnamadan goşmaça 74 müň 169 tonna nebit öndürilip, bu görkeziji konserniň nebitgazçykaryş müdirlikleriniň arasynda iň ýokary netije boldy. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, kärhanada önümçiligiň ösüş depgini 105,4 göterime ýetdi. Bu bolsa müdirlikde alnyp barylýan önümçilik işleriniň netijeliligini tassyklaýar.

Goturdepe we Demirgazyk Goturdepe ýataklary ýurdumyzyň iň iri hem-de gadymy nebit känleriniň hataryna girýär. Häzirki wagtda bu ýataklarda gije-gündiziň dowamynda 3 müň 400 tonnadan gowrak nebit çykarylýar.

Müdirlikde her bir guýynyň tehniki ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik edilýär. Geologlaryň maglumatlaryna görä, ýataklaryň uglewodorod gorlary geljekde hem önümçiligi durnukly dowam etdirmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda «Goturdepenebit» müdirligi çykarylýan çig malyň möçberi boýunça konserniň nebitgazçykaryş müdirlikleriniň arasynda ikinji orny eýeleýär.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik desgalarynda nebit we gazy çykarmak, gaýtadan işlemek hem-de ýokary hilli önümleri öndürmek boýunça işler dowam etdirilýär. Pudakda döwrebap tehnologiýalar we häzirki zaman enjamlary giňden ornaşdyrylýar. Müdirligiň zähmet topary ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny ýokary önümçilik üstünlikleri bilen garşylap, ýyly has-da ýokary ykdysady görkezijiler bilen jemlemegi maksat edinýär.