Niderlandlaryň Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda ahalteke bedewleriniň arasynda geçirilýän Dünýä çempionaty we Halkara gözellik bäsleşigi dowam edýär. Oňa dünýäniň 25 ýurdundan gelen wekiller we myhmanlar gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berdi.
Ýaryşda Türkmenistandan getirilen 30 sany ýokary derejeli ahalteke bedewi çykyş edýär. Çäreleriň dowamynda bedewleriň gözelligi, tohum aýratynlyklary, beden gurluşynyň sazlaşygy we milli bezegleri boýunça baha berilýär. Türkmen ahalteke bedewleri halkara bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, häzirki wagta çenli alty baýrakly orna mynasyp boldular. Şeýle hem ýaryşyň maksatnamasyna bedewleriň sergisi, manež sürüşi we päsgelçiliklerden böküş boýunça çykyşlar girizildi.
Bäsleşigiň çäklerinde Wenraý şäherinde ahalteke bedewlerine we türkmen atçylyk sungatyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat hem geçirildi. Oňa alymlar, atşynaslar, medeniýet işgärleri we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdy. Maslahatda ahalteke bedewleriniň taryhy, seçgiçilik däpleri, olaryň dünýä medeniýetindäki orny we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek sungatynyň we olary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Halkara çäreler türkmen ahalteke bedewleriniň gözelligini, baý taryhy mirasyny we dünýä atçylyk medeniýetindäki möhüm ornuny giňden görkezýän möhüm meýdança öwrüldi.