744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
08.09.2026

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde talyplaryň arasynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri we mekdebiň mugallymlary gatnaşdy. Bu barada mekdebiň resmi saýtynda habar berildi.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegiň ähmiýeti, pyýadalaryň we sürüjileriň hukuklary hem-de borçlary barada giňişleýin maglumat berdiler. Şeýle-de ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda her bir raýatyň jogapkärçilikli we ünsli bolmagynyň möhümdigi nygtaldy.

Mekdebiň mugallymlary talyp ýaşlaryň okuwda we jemgyýetçilik durmuşynda göreldeli bolmalydyklaryny, döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, öz üstlerine düşýän wezipelere jogapkärçilikli çemeleşmelidiklerini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy we hemmetaraplaýyn ösmegi üçin döredilýän şertler babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.