744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
08.09.2026

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Şöhle» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde geçirilen «Ýol hereketiniň ýaş gözegçileri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlaryndan umumybilim berýän mekdepleriň 140 okuwçysy gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Bäsleşik ýaşlaryň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak, olaryň jogapkärçilikli çemeleşmesini ösdürmek hem-de çagalaryň ýol-ulag hadysalarynda şikes almagynyň öňüni almak maksady bilen guraldy.

Ýaryşyň dowamynda okuwçylar ýol hereketiniň düzgünleri boýunça nazary bilimlerini we amaly başarnyklaryny görkezdiler. Şeýle-de olar pyýada we ýolagçy hökmünde howpsuz hereket etmek, dürli ýol ýagdaýlarynda dogry çözgüt kabul etmek ukyplaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Bäsleşigiň esasy tapgyrlarynyň biri ilkinji lukmançylyk kömegini bermek boýunça synag boldy. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileriniň we hünärmenleriniň ýolbaşçylygynda geçirilen synagda okuwçylar halkara ülňülerine laýyk taýýarlyk derejesini görkezdi.

Bäsleşik Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Awtomobil ulaglary ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň bilelikde guramagynda geçirildi.