Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçirilýän zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara gutlag iberdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Döwlet Baştutany ýaş zehinleriň milli aýdym-saz sungatynyň baý däplerini dowam etdirýändigini, döredijilikleri arkaly Garaşsyz Watany, hemişelik Bitaraplygy, milli gymmatlyklary we ýurduň ösüşlerini dabaralandyrýandygyny belledi. Şeýle hem bäsleşigiň ýaş nesilde sungata söýgini artdyrmakda, zehinleri ýüze çykarmakda hem-de milli sungatyň dowamatlylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmegi üçin giň şertleriň döredilýändigini aýtdy. Täze bilim edaralarynyň açylmagy, milli bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi we Bilimler we talyp ýaşlar gününde ilkinji gezek mekdebe barýan çagalara «Bilimli» noutbuklarynyň gowşurylmagy bu ugurda gazanylýan üstünlikleriň aýdyň beýany hökmünde görkezildi.
Gutlagynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz bäsleşige gatnaşyjylara berk jan saglyk, döredijilik üstünliklerini we täze ýeňişleri arzuw etdi.